- akyl
- Adamyň pikirlenmek ukuby, aňly-düşünjeli durmuşyň esasy.∙ Gujur azat, kuwwat azat, baş azat, Duýgy azat, akyl azat, huş azat. (N. Pomma, Saýlanan eserler)∙ Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar. (Nakyl)∙ Gahar öňden ýörär, akyl-yzdan. (Nakyl)◊ akyl bermek — Nesihat etmek, öwüt öwretmek.◊ akyl kesmek — Akylyň ýetmek, düşünmek, bilmek.◊ akyldan azaşmak — Akylyňy aldyrmak, däliremek.◊ akyldan ýazmak — seret akyldan azaşmak◊ akyly doluşmak — Akyl taýdan kämilleşmek, akyly goýalyşmak, akyllanmak.◊ akyly goýalyşmak — Akyllylyk derejesi artmak, akyllanmak, goýazylaşmak.∙ Ýaşlar akyly goýulyşmadyk adamlardar. (A. Gowşudow, Eserler)◊ akyly ýetmek — Akyly kesmek, düşünmek, bilmek.∙ Onuň iň kiçi oglunyň hem akyly ýetipdir.◊ akylyny aldyrmak — seret akylyňy ýitirmek◊ akylyny almak — Bütinleýin bir zadyň yşkyna düşürmek, bir zada berilmegini gazanmak.∙ Yşkyň höwesi onuň akylyny alypdyr.◊ akylyňy ýitirmek — Ugursyz pikire gitmek, akmaklyk etmek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.